Ýa­pon ýa­zy­jysy Rie Ku­dan 2024-nji ýyl­da ab­raý­ly Aku­ta­ga­wa ede­bi­ýat baý­ra­gy­na eýe bo­lan ro­ma­ny­nyň bir bö­le­gi­niň ChatGPT ýa­ly ge­ne­ra­tiw eme­li aňyň kö­me­gi bi­len ýa­zy­lan­dy­gy­ny bo­ýun al­dy. Ol bu ba­ra­da To­kio­da ge­çi­ri­len met­bu­gat ýyg­na­gyn­da ha­bar ber­di.
Ol sýu­že­ti eme­li aň bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly bo­lan «To­kyo-to Do­jo-to» (To­kio­nyň duý­gu­daş­lyk di­ňi) ro­ma­ny üçin Aku­ta­ga­wa baý­ra­gy­na eýe bol­dy. Ese­riň maz­mu­ny­nyň esa­syn­da uzak bol­ma­dyk gel­je­giň To­kio­syn­da ýa­şa­ýan ze­nan bi­na­gä­riň dur­muş he­ka­ýa­ty dur­ýar. Ol je­na­ýat­çy­la­ryň ra­hat sak­lan­ýan be­lent di­ňi­niň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­ýar.
– Kä­wagt baş­ga bi­ri bi­len paý­la­şyp bil­me­jek pikirlerim dörände eme­li aňa ýüz tut­ýa­ryn. Bu ki­ta­by ýa­za­nym­da ChatGPT ýa­ly ge­ne­ra­tiw eme­li aň­dan peý­da­lan­dym. Ki­ta­byň, tak­my­nan, 5 gö­te­ri­mi eme­li aň ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len söz­lem­ler­den yba­rat diý­se­mem bol­jak. Men ony ne­ti­je­li ulan­mak ar­ka­ly, ba­şar­ny­gy­my ýü­ze çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän ro­man­lar ýaz­ma­gy do­wam et­mek is­le­ýä­rin – di­ýip, Rie Ku­dan met­bu­gat ýyg­na­gyn­da bel­le­di.
Ýa­pon ede­bi­ýa­ty­nyň nus­ga­wy ýa­zy­jy­sy Rýu­nos­ke Aku­ta­ga­wa baý­ra­gy 1935-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Ol dür­li ýyl­lar­da Ko­bo Abe we ede­bi­ýat bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­nyň eýe­si Ken­dza­bu­ro Oe ýa­ly meş­hur ýa­pon ýa­zy­jy­la­ry­na gow­şu­ryl­dy.