Rus ýa­zy­jy­sy Mi­ha­il Bul­ga­ko­wyň «Us­sat we Mar­ga­ri­ta» ro­ma­ny 2023-nji ýyl­da rus nus­ga­wy eser­le­ri­niň ara­syn­da ka­gyz gör­nü­şin­de iň köp sa­ty­lan ki­tap bol­dy. Ge­çen ýyl Rus­si­ýa­da bu ki­ta­byň je­mi 65 müň­den gow­ra­gy sa­ty­lyp­dyr. Bu ba­ra­da «Çi­taý-go­rod» ki­tap dü­ka­ny zyn­jy­ry­nyň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di. Bu ro­man oky­jy­la­ryň boş wagt­y oka­ýan eser­le­ri­niň ara­syn­da iň köp sa­ty­la­ny hök­mün­de ba­ha be­ril­di.
Sa­na­wyň ikin­ji or­nun­da Fýo­dor Dos­to­ýews­ki­niň «Je­na­ýat we je­za» ro­ma­ny ge­lip, ge­çen bir ýylda bu ese­riň 52 müň­den gow­ra­gy sa­ty­lyp­dyr. On­dan soň ýa­zy­jy­nyň beý­le­ki eser­le­ri «Do­gan­lar Ka­ra­ma­zowlar» we «Ten­tek» ýa­ly ro­man­la­ry gel­ýär. Ýew­ge­niý Zam­ýa­ti­niň «Biz» at­ly ro­ma­ny hem rus nus­ga­wy ýa­zy­jy­la­ry­nyň iň köp sa­ty­lan bäş ki­ta­by­nyň ara­syn­da orun al­dy.
– Puş­ki­niň il­kin­ji 10-lu­ga gir­män­di­gi bel­lär­lik­li­dir. Ýa­zy­jy­nyň «Ka­pi­ta­nyň gy­zy» at­ly ese­ri 2023-nji ýyl­da­ky sa­tu­wyň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, ýig­ri­mi üçün­ji orun­da gel­ýär – di­ýip, «Çi­taý-go­rod» ki­tap dü­ka­ny zyn­jy­ry­nyň we­kil­le­ri bel­le­di­ler.
Bu ki­tap dü­ka­ny zyn­jy­ry­nyň we­kil­le­ri «Us­sat we Mar­ga­ri­ta» hem-de «Je­na­ýat we je­za» ro­man­la­ry­nyň 2024-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de hem sa­tuw­da öň­de­ba­ry­jy bol­jak­dy­gy­na ynan­ýar­lar. Şeý­le hem bu ösüş 25-nji ýan­war­da pro­ka­ta çy­kan «Us­sat we Mar­ga­ri­ta» fil­mi bi­len hem bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şo­nuň ýa­ly hem şu ýyl «Je­na­ýat we je­za» se­ria­ly­nyň dü­şü­ri­lip gu­ta­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de, «Je­na­ýat we je­za» ro­ma­ny­nyň iň meş­hur san­ly ki­tap bo­lan­dy­gy­ny «Çi­taý-go­rod» ki­tap dü­ka­ny zyn­jy­ry­nyň we­kil­le­ri bel­le­di­ler.