Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda geçen ýyl satylan elektroulaglaryň sany dizel ýangyçly ulaglardan köp boldy. Sebitde jemi 10,5 million ulag satylyp, olaryň 1,5 milliony elektroulag bolupdyr. Elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň paýy 14,6 göterime ýetdi. Ýewropa Awtoulag Öndürijileri Bileleşiginiň (ACEA) maglumatlaryna görä, geçen ýyl sebitiň awtoulag bazary 2022-nji ýyldakydan 13,9 göterim ýokarlanypdyr. Satylan täze ulaglaryň 35,3 göteriminiň benzin bilen işleýändigi mälim edildi. 2022-nji ýylda bu görkeziji 36,4 göterim bolupdyr. Satylan ulaglaryň 1,4 millionyny dizel ýangyçly ulaglar emele getiripdir. Şeýlelikde, dizel ýangyçly ulaglaryň paýy 2022-nji ýylda 16,4 göterim bolan bolsa, geçen ýyl 13,6 göterime düşüpdir. Bu maglumatlar benzin we dizel ýangyçly ulaglaryň satuwynyň azalandygyny görkezýär. Gibrid ulaglaryň satuwy 2022-nji ýyldakydan 29,5 göterim ýokarlanyp, 2,7 milliona ýetipdir. Şeýlelikde gibrid ulaglar umumy awtoulaglaryň döreden birini emele getirdi.