15-nji fewralda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Magtymguly Pyragy-türkmen mugallymy, dünýäniň akyldary we şahyry” atly halkara maslahat we 25-nji fewrala çenli Rumyniýanyň Milli kitaphanasynda dowam etjek şahyryň döredijiligine bagyşlanan sergi gurady.
Maslahata Parlamentiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Ylymlar akademiýasynyň, muzeýleriň, söwda we senagat palatalarynyň wekilleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Rumyniýanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdy.
Çykyş edenler şahyryň döredijiliginiň türkmen diliniň we edebiýatynyň ösüşine täsiri, türkmen halkynyň milli özboluşlylygy we döwletliligi, şeýle hem ählumumy ruhy gymmatlyklaryň hazynasyna goşan goşandy barada söhbet etdiler.
Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragy hakynda we Rumyniýanyň Milli Telewideniýesi tarapyndan taýýarlanan Türkmenistan barada dokumental film görkezildi. Şeýle hem, talyplar dürli dillerde türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň goşgularyny okadylar.