“Napoli” toparynyň ozalky tälimçilerinden Jennaro Gattuzo häzirki wagtda klubsuz galdy. Futbolçylygyna garanyňda, tälimçiligi o diýen şowly geçmeýän Gattuso Fransiýanyň “Marsel” klubuna tälim berýärdi. Ol sentýabr aýynda wezipä bellenipdi. Soňky 7 oýunda ýeke sapar hem ýeňiş gazanyp (5 deňlik, 2 ýeňliş) görmedik “Marsel” toparynyň ýolbaşçylarynyň sabyr käsesi dolup, Gattuzony topardan ugratdylar. Çempionatda 9-njy orunda barýan “Marsel” topary 46 ýaşyndaky hünärmeniň tälimçiligindäki 24 oýnuň 9-synda ýeňiş gazanyp, 6-synda hem ýeňlişe sezewar boldy (9 deňlik). Golaýda Kot-d’Iwuaryň ýygyndysyndan gaýdan 70 ýaşyndaky fransiýaly Žan-Lui Gasseniň toparyň täze tälimçisi diýip bellendi. “Marsel” kluby “Pisa”, “Milan”, “Napoli”, “Walensiýa” ýaly klublara tälim beren Gattuzonyň tälimçilik eden 8-nji toparydyr.