Mongoliýada gyşyň örän gazaply geçýändigi mälim edildi. Ýurduň meteorologiýa edarasy şeýle köp garyň mundan ozal soňky gezek 1975-nji ýylda ýagandygyny belleýär. Milli meteorologiýa we daşky gurşawa gözegçilik agentligi ýurduň meýdanynyň 80 göteriminden gowragynyň gar bilen örtülendigini mälim etdi. Şeýle hem sowuk howa zerarly 667 müň 841 öý haýwanynyň ölendigi habar berildi.