«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde «PETRONAS» kompaniýasy tarapyndan 20-den gowrak «Balkan» zawodynyň inženerlerini «Tehniki howpsuzlyk we deňiz işlerini amala aşyrmak» boýunça gysga möhletli okuw sapaklary geçirildi.
Geçirilen okuw sapaklarynda deňizde ilkinji tehniki we howpsuzlyk düzgünleri barada, şeýle hem deňizde ýerine ýetirilýän iş amallarynyň görnüşleri barada içgin öwredildi.
Ýagny, «Tehniki howpsuzlyk we deňiz işlerini amala aşyrmak» boýunça üstünlikli geçirilen okuw sapaklarynda «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy tarapyndan «Balkan» zawodynyň inženerlerine Şahadatnamalar gowşuryldy.
Çeşme: tca.gov.tm