20-nji fewralda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy Ženewada geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň her ýylky 86-njy mejlisine gatnaşdy. ABŞ-nyň, Gollandiýanyň, Nigeriýanyň we Saud Arabystanynyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda, Agentligiň başlygy “2050-nji ýyla çenli içerki ulaglaryň dekarbonizasiýa geçmegine milli garaýyşlar we syýasy nukdaýnazarlar” atly mejlisinde, halkara “Ýaşyl port” talaplaryna laýyklykda gurlan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny tanyşdyryp çykyş etdi. Mejlisiň çäklerinde UNFCCC, IRF we UNCTAD ýaly halkara guramalaryň wekilleri hem çykyş etdiler.
2022–2052-nji ýyllarda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasy durnukly ykdysady ösüşi, döwlet dolandyryş ulgamynyň işjeňleşdirilmegi, halkyň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagyny üpjün etmek üçin döredildi. Şol nukdaýnazardan, bu strategiýa ykdysadyýetiň diwersifikasiýasyny dowam etdirmek, ýokary tehnologiýanyň önümçilikdäki paýyny artdyrmak, şeýle hem, pudaklaýyn sanlylaşdyrmagy, makroykdysady we maliýe durnuklylygyny goldaýar.
Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak maksady bilen, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň terminallarynyň hersinde bio arassalaýjy enjamlar oturdyldy we desganyň içinde ýerleşýän enjamlar elektrik energiýasy bilen işleýän we tebigata zyýansyz tehnologiýalar bilen ornaşdyrldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda galyndylaryň we zyňyndylaryň daşky gurşawa edýän täsirini azaltmak ýörelgesi giňden ulanýar.
Parnik gazynyň we metanyň atmosfera zyňylmagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek Türkmenistanyň daşky gurşaw strategiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Häzirki wagtda gämilere bunkerleme hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde halkara talaplaryny berjaý etmek maksady bilen, «Bunker ýangyjy bilen hapalanmakdan ýeten zeper üçin raýat jogapkärçiligi barada halkara konwensiýasyna» (BUNKER-2001) goşulmak barada degişli işler geçirilip, Halkara Deňiz Guramasy (HDG) tarapyndan Türkmenistanyň Konwensiýa goşulmagy makullanyldy. Konwesniýa ýurdumyz üçin 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinden başlap güýje girýär.
Çykyş edenler içerki ulagda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça alnyp barylýan tejribeler we işler barada gürrüň berdiler, şeýle hem, dünýäde parnik gazlarynyň 72% göterimi ulag pudagyna degişlidigini belläp geçdiler.
Ýurdumyzyň energiýa, senagat we ulag pudaklarynda häzirki zaman ekologiki, arassa we serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalary, işjeň ornaşdyrýandygyny we ulanýandygyny bellemek gerek. Muňa mysal hökmünde, 2023-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna ISO 14001 “Daşky gurşawy dolandyryş ulgamy” şahadatnamasynyň we halkara “EkoPorts” şahadatnamasynyň berilendigini getirmek bolar.
Çäreler 23-nji fewrala çenli üç gün dowam eder. Agentligiň başlygy durnukly ulag we sanlylaşdyrma mowzuklarynda ugurdaş çärelere gatnaşar we çykyş eder.
Çeşme: tca.gov.tm