Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi Awiasiýa we aragatnaşyk pudagynda zähmet çekýän Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda 2024-nji ýyl “Pähim Paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli “Pyragy hem Arkadag – köňüllere şamçyrag” atly dabaraly maslahatyny geçirdi.
Oňa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň awiasiýa we aragatnaşyk pudagyna degişli bolan KA-nyň jogapkär işgärleri, KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary we işjeň agzalary gatnaşdylar.
2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna uly ruhubelentlik bilen gadam basylandygy, şu günler Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uly taýýarlyk görülýändigi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň goldawy bilen Türkmenistanyň teklip etmeginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň 42-nji mejlisinde kabul edilen degişli Kararnama laýyklykda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, Gündogar edebiýatynyň ägirt söz ussatlary barada söhbet açylanda ilki bilen türkmen halkynyň beýik ogly, Magtymguly Pyragynyň nurana keşbi bada-bat göz öňünde janlanýandygy, ol öz döwrüniň gowgalarynyň, çylşyrymly durmuşynyň zarby astynda il-gün bilen, şatlyk-gaýgysyny paýlaşan, agyr ýüküni çekişen, halky ýagty ertirlere ruhlandyran, ýürege derman bolan ajaýyp eserleri ynsanlaryň kalbyny gün kimin çoýup ýagty geljege umyt arzuwyny artdyrýandygy, dana atamyzyň mertebesiniň arşa galmagy her birimizi buýsandyrýandygy dogrusynda maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni köpçilik işleri bölüminiň müdiri Gylyçdurdy Haýdarow, Daşoguz halkara howa menziliniň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Halmyrat Babaýew, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň Awiasiýa we aragatnaşyk, energetika pudagy boýunça utgaşdyryjysy Şemşat Çaryýewa, “Daşoguzpoçta” welaýat kärhanasynyň logistika bölüminiň hünärmeni KA-nyň işjeň agzasy Gülbahar Hudaýkulyýewa, “Daşoguztelekom” welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň ŞHB-niň başlygy, KA-nyň işjeň agzasy Gurbanbagt Kakaýewa dagy çykyş etdiler.
Maslahatda çykyş edenler ýürek buýsançlaryny ajaýyp ýurdumyzda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, bu gün türkmen milleti ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan, şeýle döwletli döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw etdiler.

Gülnara Ýoldaşowa,
Daşoguz telekom elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň KA-nyň başlygy.