Dünýä belli iňlis aýdym-saz topary “The Beatles” barada 4 film surata düşüriler. Has takygy rok toparyň 4 agzasynyň – Pol MakKartniniň, Jon Lennonyň Jorj Harrisonyň hem-de Ringo Starryň hersiniň ömri we döredijiligi barada aýratyn 4 kino ekranlaşdyrylar. Toparyň agzalarynyň maşgalalaryndan gerekli ähli rugsadyň alnandygy habar berildi. Filmleriň 4-sine hem “Amerikan gözeli”, “Skaýfoll”, “1917” ýaly filmleri surata düşüren britaniýaly Säm Mendes režissýorlyk eder. Her filmdäki wakalar toparyň agzalarynyň hersiniň aýratyn nukdaýnazaryndan görlüşi ýaly surata düşüriljekdigi bellenilýär. “Sony” studiýasynyň önümi boljak filmleriň 4-siniň hem 2027-nji ýylda ekranlara çykmagyna garaşylýar. Oskarly režissýoryň surata düşürjek filmleri baradaky beýleki maglumatlar öňümizdäki aýlarda mälim ediler.