UEFA Ýewropa Ligasynyň pleý-off tapgyrynda 1-nji oýunda Portugaliýadan 4-2 hasabynda ýeňiş bilen dolanan “Garabaga” öz meýdançasyndaky duşuşyk ýeňil düşmedi. 1-nji ýarymy golsuz geçen oýnuň 2-nji ýarymynda soňky 20 minutda “Braga” topary 2-0 öňe saýlanyp, umumy hasaby deňledi (Fernandes 70, Džalo 83). Goşmaça wagtda-da “Garabag” 102-nji minutda Silwanyň goly esasynda iki oýnuň netijesi boýunça öňe saýlandy. Ýöne 115-nji minutda Banza penaltini dürs urup, umumy hasaby deňledi. 57-nji minutdan bäri 1 oýunçy kem oýnap gelýän “Garabag” topary 120+2-nji minutda Ahundzadeniň goly bilen umumy hasapda öňe saýlandy. Netijede 3-2 ýeňilse-de, “Garabag” topary umumy hasapda 6-5 ýeňiş gazanyp, 1/8 finala çykdy.

“Lans” 2-0 öňe geçse-de…

“Fraýburg” topary öz meýdançasynda “Lansy” kabul etdi. Fransiýadaky duşuşykda hasap açylmandy. Ýöne fransuz kluby jogap duşuşygyna erjel girişdi. “Lans” topary 1-nji ýarymda Koşta hem-de Wahiniň gollary bilen 2-0 öňe geçdi. Ýöne ruhdan düşmedik “Fraýburg” toparynyň oýunçylary 90-njy minutdan soňam bolsa hasaby deňlemegi başardy. Nemes klubunyň gollarynyň 2-sini hem 68-nji we 90+2-nji minutlarda Roland Şollai öz adyna ýazdyrdy. Goşmaça wagtda-da Gregoriçiň goly “Fraýburga” ýeňiş getirdi.