Müsüriň Aswan şäherindäki Abu-Simbel buthanasyndaky Faraon Ramses II-niň heýkeline Gün şöhlesi düşdi. Bu ýagdaý her ýyl iki gezek – Faraonyň doglan güni diýlip kabul edilýän 22-nji oktýabrda hem-de täç geýen güni bolan 22-nji fewralda bolup geçýär. Her gezekde 20 minut ýaly heýkeliň ýüzüne şöhle düşýär. Bu seýrek gaýtalanýan hadysa tomaşa etmek üçin dünýäniň dürli ýerlerinden 4 müňden gowrak syýahatçy bu ýere ýygnandy. Buthananyň töwereginde bu mynasybetli dürli çäreler ýaýbaňlandyryldy, folklor çykyşlary ýerine ýetirildi.
Taryhçylar Faraonlaryň döwründe Müsürde Abu-Simbel buthanasynyň we onuň töwereginiň astronomiýa babatda esasy merkezleriň biri bolandygyny belleýärler. Nil derýasynyň kenaryndaky buthananyň demirgazyk-günbatarynda 11 müň ýyl ozal gurlan daş kompas bolup, ol ýagşyň ýagjak wagtyny görkezýär. Aswanda dag köwlüp gurlan Abu-Simbel buthanasynyň girelgesinde Ramsesiň 4 sany äpet heýkeli bar. Buthananyň 20 ýylda gurlandygy bellenilýär.


Gadymy Müsürde 22-nji oktýabr ekin möwsüminiň, 22-nji fewral hasyl möwsüminiň başlangyjy hasaplanýar.