23-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraljak çärelere badalga bermek dabarasyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 26-njy martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda bu waka mynasybetli guraljak çärelere badalga bermek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Dabaranyň çäklerinde türki halklaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda birnäçe çäreleri, konserti, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylaryň eserleriniň sergisini, halkara ylmy maslahaty, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahatyny guramak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Änew şäheriniň gadymy taryhynyň bardygyny nygtady. Bu taryh halkymyzyň geçmişi bilen berk baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Änewiň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejeli çäreleriň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.