Häzirki döwürde Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemek boýunça işler alnyp barylýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, atçylyk pudagyny ösdürmek, atlary ösdürip ýetişdirmek, olaryň baş sanyny artdyrmak üçin ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Taslama laýyklykda, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň çäginde goşmaça täze athanalary, weterinar dermanhanany we at esbaplar dükanyny, açyk görnüşli awtoduralgany, suw howdanlaryny, tehniki binalary gurmak, dürli ölçegdäki monitorlary, döwrebap enjamlary gurnamak göz öňünde tutulýar. Bulardan başga-da, ozaldan bar bolan athanalaryň, esasy girelgäniň, tomaşaçylar münberiniň, karantin binasynyň, sport meýdançasynyň, açyk manežiň durkuny täzelemek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Bu barada 23-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hasabat berdi.