23-nji fewralda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Konsullygynyň (Aktau ş.) binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyna hem-de 2024-nji ýylyň “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi.
Bu çärä Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary, Gazagystanda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de Aktau şäherinde bilim alýan Türkmenistanly talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby bilen tanyşdyryldy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýaşlaryň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynda alyp barýan işlerine hem-de gazanan üstünliklerine bagyşlanan bu kitabynyň häzirki we geljekki türkmen ýaş nesilleri üçin gollanma bolar.
Şeýle hem, brifingde çykyş edenler dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.
Mundan başga-da, “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini döwlet we halkara derejesinde bellemek bilen bagly alnyp barylýan giň göwrümli işler barada pikir alşyldy. Brifingiň ahyrynda gatnaşyjylara akyldar şahyr barada dokumental film görkezildi.