24-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz saparyň dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Arkadag şäherinde guruljak desgalaryň şekil taslamalary görkezildi
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, bu ýerde görkezilen şekil taslamalary, gurluşygy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we gurluşyk işlerinde ulanylýan dürli bezeg serişdeleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Bular barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi.
Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň baş meýilnamasy, Arkadag şäherinde gurulýan Döwlet muzeýiniň şekil taslamasy, binanyň içki bezeg işleri, Arkadag şäherinde guruljak Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň teklip edilýän görnüşleri bar.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde görkezilýän taslamalar, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň görnüşleri bilen tanşyp, bular barada birnäçe belliklerini aýtdy.
Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän çagalar seýilgähiniň gurluşygynyň, onuň bezeg aýratynlyklarynyň ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýäsine mahsus bolmalydygyna ünsi çekdi. Aýratyn-da, seýilgähiň yşyklandyryş ulgamynda, onuň bezeg işlerinde, olaryň reňk sazlaşygynda çagalar üçin özüne çekiji görnüşleriň bolmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda halk ertekilerinden ugur alynmagynyň wajypdygyny aýtdy. Bu işlere Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary hem çekilmelidir, olaryň täzeçil garaýyşlarynyň we teklipleriniň ulanylmagy babatda degişli işler geçirilmelidir. Gahryman Arkadagymyz Döwlet muzeýiniň taslamasyna hem birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.
Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşygynda hem-de onuň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň berklik, uzak möhletleýinlik babatda häzirki zamanyň ösen talaplaryna we halkara görkezijilere laýyk gelmelidigine ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň-de ýokary hil derejesine eýe bolmalydygyny, işlere häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň we täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm üns berilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, gurluşyk işlerinde täze şäheriň ýokary ekologik derejesiniň saklanylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidir.
Lukmançylyk klasteriniň nyşany taýýarlandy
Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda dürli maksatly önümçilik toplumlarynyň meýilleşdirilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz lukmançylyk klasterine degişli toplumlaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň ýerli tebigy-howa şertlerine we ýokary ekologik kadalara hem-de bildirilýän talaplara, şol sanda bezeg işleriniň milli ýörelgelerine doly laýyk gelmelidigini aýtdy. Munuň özi häzirki döwrüň wajyp talaplarynyň biri hökmünde ykrar edildi.
Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň lukmançylyk klasteriniň nyşany görkezildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu nyşanyň milli ýörelgelere laýyk hem-de nyşanda ýerleşdirilen şekilleriň many taýdan häzirki döwrüň ruhuna doly kybap gelmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, lukmançylyk nyşanynyň halkara derejede ykrar edilmegi babatda degişli işleriň geçirilmelidigi bellenildi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň gurluşygy
Soňra bu ýere oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary çagyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň, ylmy-önümçilik we ylmy-barlag institutlarynyň gurluşyklarynyň meýilleşdirilendigini belläp, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň bu baradaky hasabatlaryny diňledi.
Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek Oba hojalyk uniwersitetiniň gurluşygynda bolşy ýaly, onuň enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde hem häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyna ünsi çekdi. Şonuň ýaly-da, oba hojalyk pudagynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň, ägirt uly tejribe toplan oba hojalykçylaryň heýkelleriniň oturdylmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeler berildi.