Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly «CIET-2026» halkara sergisi öz işine başlady.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Gutlag hatyny iberdi. Gutlagda “Türkmenistan gurýan ýurtdur, kuwwatly döwletdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli gurluşyklar Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň we ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalar we önümçilik desgalary gurlup ulanmaga berildi” diýlip bellenilýär.

Şeýle-de gutlagda bu halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmakda, gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaryny ösdürmekde, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakda, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň täze önümçiliklerini döretmekde hem-de hereket edýän kärhanalaryň kuwwatlyklaryny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir diýlip nygtalýar.

Sergide ministrlikleriň we döwlet konsernleriniň, şol sanda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, şeýle hem Awtomobil ýollaryny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň diwarlyklary ýerleşdirildi. Mundan başga-da, bu ýerde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň önümleri hem-de işläp taýýarlamalary görkezilýär.

Sergi 5-nji noýabra çenli dowam eder.
Şu gün günüň ikinji ýarymynda «CIET-2026» forumynyň çäklerinde halkara maslahat geçiriler. Guramaçylaryň berýän maglumatlaryna görä, çärä gatnaşmak üçin 60 ýurtdan 800-den gowrak wekil hasaba alyndy.

CIET 2026 Türkmenistanyň milli ösüş başlangyçlaryny, maýa goýumlary, öňdebaryjy tehnologiýalary, halkara tejribesini işjeň hyzmatdaşlyk bilen birleşdirýän iri halkara işewürlik meýdançasy bolup hyzmat eder.

PDF








