Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen Türkmenistana iş sapary bilen gelen Bütindünýä bankynyň wekiliýetiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
TSTB-niň edara binasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyk Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyrynda gatnaşyklary ilerletmegiň hem-de geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşmagyň meselelerine bagyşlandy. Şeýle-de türkmen bazaryna daşary ýurtlardan maýa goýumlary çekmek barada aýratyn durlup geçildi.
Bu duşuşyklaryň ikinjisi bolsa Türkmenistanda önümçiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanýan hususy taraplar bilen geçirildi. Onda aýratyn-da bilelikde taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine ähmiýet berildi. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli işewürlik gatnaşyklarynyň oba hojalygy we azygy gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda netijeli ösdürilmegine üns çekildi.
Iş saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Bütindünýä bankynyň wekiliýeti TSTB-niň agzalarynyň Ahal welaýatynyň çägindäki ýyladyşhanalaryna, bagçylyk hojalyklaryna, Mary welaýatynyň çägindäki oba hojalyk we azygy gaýtadan işleýän kärhanalaryna baryp gördüler. Myhmanlar bu ýerlerde döwrebaplaşdyrylan esasda alnyp barylýan işler barada nygtamak bilen, oňa ýokary baha berdiler.