27-nji fewralda paýtagtymyzda «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň gurak hem-de şorlaşan çäklerinde tebigy serişdeleri toplumlaýyn dolandyrmak» atly halkara maslahat öz işine başlady. Bu çäre BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Ählumumy ekologiýa gaznasynyň sebitleýin taslamasynyň çäklerinde guralýar. Ol Türkmenistanyň Tokaý kodeksine düzedişleri girizmek boýunça milli maslahatyň maksatnamasyny öz içine alýar.
Maslahata gatnaşyjylar tokaý zolaklaryny peýdalanmagyň ugurlaryny we onuň durnukly usullaryny işläp taýýarlamak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan köptaraply işler bilen tanyşdyryldy. Şunda bu ugurda anyk wezipeleri kesgitlemek, täzeçil usullary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Forumyň barşynda tokaý zolaklaryny peýdalanmagyň durnukly ugurlaryny we usullaryny jemlemekde milli derejedäki çözgütlere wajyp ornuň degişlidigi bellenildi. Munuň üçin degişli bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy aýratyn ähmiýetlidir.
Maslahat öz işini dowam edýär.
Çeşme: “Türkmenistan” gazeti.