Mart aýynyň içinde kolumbiýaly meşhur ýazyjy, Nobeliň edebiýat boýunça baýragynyň eýesi Gabriel Garsiýa Markesiň “Awgustda görşeris” atly öň neşir edilmedik hekaýalar ýygyndysy çap ediler. Bu roman Markes aradan çykandan 10 ýyl soň onuň çagalary tarapyndan neşir edilýär.
Awtoryň doly ýazyp gutarmadyk “Awgustda görşeris” atly kitabynyň golýazmasy Ostindäki (ABŞ) Tehas uniwersitetinde saklanýar. Ýazyjynyň çagalary doly tamamlanmadyk ýygyndysny neşir etmek islemediler, ýöne ony okyjylardan gizläp saklamaly däl diýen netijä geldiler. Indi ispança ýazylan bu kitap Günorta Amerikanyň dükan tekjelerinde peýda bolar, soňra bolsa, beýleki dillere-de çap ediler.
Kolumbiýaly meşhur ýazyjy Gabriel Garsiýa Markes ömrüniň ahyrynda saglyk ýagdaýy sebäpli eserleriniň üstünde işlemegini bes edýär. Bu kitapda 28 ýyl bäri her ýylyň 16-njy awgustynda ejesiniň mazaryna zyýarata gidýän zenan hakda gürrüň berilýär. Kitabyň neşir edilmegi Tehas uniwersiteti awtoryň ýygyndylaryny sanlylaşdyranda mümkin boldy.
Gabriel Garsiýa Markes “Ýalňyzlygyň ýüz ýyly”, “Holera döwründe söýgi” “Polkownige hat ýazýan ýok” we başga-da köp sanly eseriň awtorydyr. Markes 2014-nji ýylyň 17-nji aprelinde 87 ýaşynyň içinde aradan çykdy.