Şu gün 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Türkiýäniň Baştutany iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, Türkiýä gelip görmäge we 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, bilelikdäki tagallalaryň netijesindäki ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan döwletara gatnaşyklarynyň ynanyşykly we netijeli häsiýetini nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasy bilen strategik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmaga çakylygy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Türkiýäniň Baştutanyny 70 ýaş ýubileýi bilen tüýs ýürekden gutlady şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Bellenilişi ýaly, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen türk Liderine Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Rejep Taýyp Ärdogana bu ýokary adyň dakylmagy bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür we ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Halkymyzyň asylly däbine görä, Gahryman Arkadagymyz şanly ýubileý mynasybetli türk Liderine türkmen milli içmegini sowgat berdi. Içmek sary reňkli deriden taýýarlanyp, nagyşlar bilen bezelipdir. Mälim bolşy ýaly, gadymy däbe görä, içmek il içinde uly abraýdan peýdalanýan adamlara aýratyn minnetdarlygyň nyşany hökmünde gowşurylýar. Türkmen içmegi şeýle hem ýylyň islendik paslynda geýip bolýandygy bilen tapawutlanýar.
Türkiýe Respublikasynyň Baştutany gutlaglar we bildirilen hormat üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, özüne Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly adyň dakylmagyna ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryň mizemezliginiň nyşany hökmünde garaýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkiýede Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýärler we onuň saýlap alan döredijilikli ýolundaky gazanýan üstünliklerini uly ruhubelentlik bilen kabul edýärler.
Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Halklarymyzyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy. Şunda Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen “Bir millet – iki döwlet” ýörelgesinden ugur alýandyklary, munuň bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esaslardaky netijeli özara gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi.
Duşuşyk tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Gol çekilen resminamalar:
– Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama;
– “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
– “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.