1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmekde eziz enelerimiziň uly işleri bitirýändiklerini belledi. Yhlasly zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýyny belende göterýän mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän ýokarydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart aýynda ýurdumyzda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralarynyň, birnäçe halkara çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy. Mart aýynda bellenip geçiljek baýramçylyklara, geçiriljek dabaralara, çärelere we halkara olimpiadalara gowy taýýarlyk görmeli hem-de ýokary derejede geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda belledi we anyk tabşyryklary berdi.