27-nji fewral – 1-nji mart aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda BMG-niň Statistika komissiýasynyň 55-nji sessiýasy geçirildi. Onuň mejlislerine Komissiýa agza ýurtlaryň 24-siniň statistika edaralarynyň, BMG-niň degişli düzümleriniň, BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň ýanynda konsultatiw derejesi bolan halkara we hökümete degişli däl guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Sessiýanyň işine Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D. Amanmuhammedow hem gatnaşdy.
Türkmen tarapy sessiýanyň gün tertibiniň birnäçe ugurlary, şol sanda “2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ulgamynyň gün tertibi üçin maglumatlar we görkezijiler” we “Milli hasabat” boýunça çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berýär.
Sessiýa gatnaşyjylar Türkmenistanyň milli ykdysadyýetindäki özgertmeler, statistika düzüminiň ösüşiniň mümkinçilikleri hem-de degişli görkezijileri kabul etmek arkaly milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryny ornaşdyrmak işi bilen tanyş boldular. Hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýardamy bilen Durnukly ösüş maksatlaryny ornaşdyrmaga milli platformanyň ornaşdyrylandygy, 2023-nji ýylda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça nobatdaky Meýletin milli synyň berlendigi hem-de milli hasaplama ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak işiniň alnyp barylýandygy bellendi.
Sessiýanyň açylyş dabarasynda BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleler boýunça orunbasary Li Jinhua Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça işleriň çaltlandyrylmagyndaky depgini hasaplamakda maglumatlaryň tutýan möhüm ähmiýetini belledi. Şunda 30 ýyl mundan ozal Resmi statistikanyň esas goýujy ýörelgeleriniň kabul edilmeginiň möhüm ähmiýeti, statistik düzümleri döwrebaplaşdyrmak arkaly uly we umumy elýeterli maglumatlar ulgamlaryny ösdürmek ýaly täze ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurlygy bellendi.
Mejlisiň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň barşy boýunça BMG-niň Baş sekretarynyň esasy hasabaty tanyşdyryldy. Sessiýanyň çäklerinde şu ýylyň noýabr aýynda Kolumbiýada geçiriljek BMG-niň Bütindünýä maglumatlar forumynyň ähmiýeti bellendi. Bu forumyň çäklerinde statistika ulgamynda köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garalar.
Halkara çäräniň ahyrynda Komissiýanyň indiki 56-njy sessiýasynyň geljek ýylyň 4-7-nji martynda geçirmek bellenildi.