Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistan geçen ýylyň soňky aýynda garaşylandan has ýokary ösüş gazandy. Dekabr aýynda ýurduň ykdysady ösüşiniň 8,4 göterim bolandygy mälim edildi. Ýurtda içerki islegiň ýokary bolmagy we maýa goýum ýokary ykdysady ösüş gazanmaga mümkinçilik beripdir. Hindistanyň merkezi banky bu görkezijiniň 7 göterim boljakdygyny çaklapdy. Ýurduň statistika edarasy önümçilik pudagynda 10 göterimden ýokary ösüş gazanylmagynyň, gurluşyk pudagynyň hem garaşylandan ýokary netije bermeginiň ýurduň ykdysady ösüşine oňyn täsir edendigini habar berýär.
Hindistan 2022-nji ýylda Angliýadan öňe geçip, dünýäniň bäşinji uly ykdysadyýeti bolupdy. Şeýle hem ýurduň ilaty geçen ýyl Hytaýdan öňe geçip dünýäde birinji bolupdy. 2030-njy ýylda Hindistanyň ykdysady taýdan dünýäde üçünji orna çykmagyna garaşylýar.
Kuwwat Dannyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.