Eýran we Alžiriň ýokary derejeli wekiliýetleriniň agzalary Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň Alžire eden resmi sapary wagtynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk barada alty resminama gol çekdiler. Maglumatlara görä, şertnamalar nebit we gaz, ylym, tehnologýa, sport, syýahatçylyk we habar beriş serişdeleri ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy öz içine alýar.
A. Tebbun bilelikdäki metbugat ýygnagynda özüniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmaga ygrarlydygyny beýan edip, Eýran bilen gatnaşyklary “taryhy” diýip baha berdi.
E. Raisi öz çykyşynda çuňňur kök uran ikitaraplaýyn gatnaşyklara ünsi çekdi we ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge çagyrdy. Eýranyň Prezidentiniň bu sapary Alžirde geçirilen Gaz eksport edýän ýurtlaryň forumynyň 7-nji sammitine gatnaşmagy bilen dowam etdi. Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bu sammitde halkara maýadarlaryny we Gaz eksport edýän ýurtlar forumynyň (GECF) agzalaryny Eýranyň energiýa taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy.
-Eýran, Gaz eksport edýän ýurtlar forumynyň agzalarynyň bilelikdäki maýa goýumlaryny amala aşyrmak, gazyp almak, gaýtadan işlemek, daşamak, söwda we tehnologiýalar ýaly ugurlarda maglumat we tejribe alyşmak üçin yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky maksatlaryny makullaýar – diýip, Raisi belledi.
Ebrahim Raisi, Eýranyň ägirt uly gaz gorlaryna eýedigini, olary daşamak üçin geografik taýdan oňaýly sebitde ýerleşýändigini belläp, öz ýurdunyň energiýa merkezi, şeýle hem öndürijiler bilen maksatly bazarlaryň arasynda gaz paýlamak we geçirmek üçin ygtybarly ugur bolmaga taýýardygyny aýtdy.