1-nji martda Türkmenistanyň Finlýandiýa Respublikasyndaky Ilçisi Ý.Serýaýew (oturýan ýeri London ş.) Finlýandiýanyň saýlanan prezidenti Aleksander Stubbuň kasam kabul edişlik dabarasyna gatnaşdy. Ýurduň Parlamentinde geçirilen çärede öňki prezident Sauli Niinistýo we täze saýlanan döwlet baştutany Aleksander Stubb we Parlamentiň başlygy Ýussi Halla-aho çykyş etdiler.
Kasam kabul edişlik tamamlanandan soňra Prezident köşgünde öňki we täze prezidentler Finlýandiýada akkreditirlenen Ilçiler bilen duşuşdylar.Munuň çäklerinde, Türkmenistanyň Ilçisi Finlýandiýanyň Prezidenti Aleksandеr Stubby Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gutlady we iň gowy arzuwlary ýetirdi. Gutlag we arzuwlar minnetdarlyk bilen kabul edildi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Ilçisi Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Elina Waltoneniň diplomatik korpusy üçin guralan ýurduň daşary we howpsuzlyk syýasatlary boýunça geçirilen brifingine gatnaşdy.