Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen türkmen-owgan işewürler maslahatynda iri taslama bolan “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçiriji taslamasyna degişli işleri tanyşdyryldy.
Bu taslama boýunça döredilen “TAPI Pipeline Company Ltd” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanowyň belläp geçişi ýaly, TOPH taslamany durmuşa geçirmek bilen bagly häzirki güne çenli ýerine ýetirilen işler, göz öňünde tutulýan meýilnamalar barada gysgaça maglumat berdi.
TOPH Taslamasynyň hukuk binýady 25 sany ylalaşykdan we 1 sany ýörite kanundan ybarat bolup durýar. Bular Owganystanyň tarap bolup çykyş edýän Hökümetara ylalaşygyny we gazgeçirijiniň çarçuwaly Ylalaşygyny şeýle hem, Owganystanyň Hökümeti bilen gol çekilen Kabul edýän tarapyň Hökümeti bilen Ylalaşygynyň Baş Şertlerini hem-de TOPH Taslamasy üçin ýer meýdanlarynyň dolandyrylmagy baradaky Owganystanyň ýörite kanunyny öz içine alýar.
Dünýäde emele gelen COVID-19 pandemiýasy we ondan soňky döwürdäki kynçylyklara garamazdan, TOPH Taslamasynyň işleri dowam etdirildi. Has takygy:
* “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan TOPH taslamasynyň Türkmenistanyň çägine düşýän 214 km-den ybarat bolan böleginiň gurluşygy tamamlandy we ulanyşa taýýar edildi;
* Häzirki wagtda, “Hyrat Menzili” strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi üçin Owganystanyň degişli döwlet edaralary bilen işler alnyp barylýar. Bu strategiýa TOPH taslamasynyň türkmen-owgan serhetinden 150 km-lik böleginiň gurluşygyny amala aşyryp, Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky senagat edaralaryny we şahsy hojalyklary tebigy gaz bilen üpjün etmäge niýetlenendir.
* Türkmen tarapy Hyratdaky senagat we hojalyk sarp edijileri üçin eltiji we paýlaýjy ulgamlaryň döredilmegi üçin degişli edaralara tehniki taýdan goldaw bermekligi dowam edýär.
* Konsorsium Owgan tarapy bilen ýer meýdanlaryny bölüp almagyň çarçuwasy boýunça ylalaşdy. Bu çarçuwada, halkara maliýe institutlarynyň talaplaryna laýyklykda ygtyýarlyklaryň we jogapkärçilikleriň paýlanylyşy we öwezini dolma mehanizmleri kesgitlenilýär.
Şeýle-de, Kabul edýän tarapyň Hökümeti bilen Ylalaşyk we Gazy daşamak barada Ylalaşyk ýaly binýatlyk resminamalar boýunça hem Owgan tarapy bilen degişli işler işjeň tertipde dowam edýär.
Bu iş ugurlarynyň ählisi TOPH taslamasynyň Owganystan böleginiň amaly işlerine girişilmegini çaltlandyrmagy maksat edinýär we Remezan aýyndan soňra Hyrat Menzili strategiýasynyň amaly işlerine girişmek üçin bilelikde taýýarlyk işler dowam etdirilýär.