Beýik Britaniýanyň binagärlik kompaniýasy «Foster+Partners» Saud Arabystanynda dünýäniň iň beýik gökdiräniniň gurluşygynyň taslamasyny işläp düzýär. Maglumatlara görä, gökdiräniň beýikligi iki kilometr bolup, onuň beýikligi dünýäniň iň beýik binasy – Dubaýdaky 828 metrlik Burç-Halifanyň iki essedinden hem beýik bolar. Gökdirän Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadyň demirgazygyndaky halkara howa menziliniň golaýynda gurlar. Geçen ýyl Saud Arabystanynyň döwlet maýa goýum gaznasy Er-Riýadda şunuň ýaly gökdiräni gurmak meýilnamasyna seredilýändigini habar beripdi. Bilermenleriň çaklamasyna görä, taslamanyň bahasy, takmynan, 5 milliard dollara barabar bolar. Häzirki wagtda patyşalygyň paýtagtyndaky iň beýik bina 385 metr beýiklikdäki «PIF Tower» diňidir.
Bulardan başga-da, «Foster+Partners» kompaniýasy Gyzyl deňziň halkara howa menzili, bu deňziň kenaryndaky şypahana üçin niýetlenen howa menziliniň hususy terminaly we dispetçer diňi ýaly beýleki taslamalaryň üstünde hem işleýär. Şeýle hem, bu şypahananyň çäklerinde ady agzalan kompaniýa myhmanhananyň we «dünýäniň ilkinji çuňňur deňiz durmuşy merkeziniň» taslamalaryny işläp düzýär.
Geçen ýylyň güýzünde Saud Arabystany dünýäniň iň beýik binasynyň gurluşygynyň täzeden başlanandygyny – Jiddada gurulýan «The Jeddah Tower» binasynyň beýikliginiň 1000 metrden geçjekdigini habar beripdi. Taslama «Jeddah Economic Company» (JEC) tarapyndan durmuşa geçirilýär. «The Jeddah Tower» binasynyň Dubaýyň «Burj-Halifa» gökdiräninden 172 metr beýik boljakdygy habar berilýär.