7-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli ykdysadyýetiň okgunly ösdürilmegini üpjün etmek we ilatyň ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, azyk önümlerini öndürýän paýdarlar jemgyýetlerini dolandyrmagy kämilleşdirmek we olaryň guramaçylyk-hukuk görnüşlerini özgertmek maksady bilen, degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň birnäçesini Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna bermek we olaryň binýadynda süýt önümlerini we ýag öndürýän zawodlary döretmek baradaky teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljermegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, azyk önümlerini öndürýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Munuň özi Türkmenistanda ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilişini has-da artdyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.