1913-nji ýylyň 12-nji martynda Awstraliýanyň resmi paýtagty hökmünde Kanberra şäheri esaslandyrylýar we atlandyrylýar. Şäheri ady ýerli Ngunnawal ýa-da Ngambri taýpalarynyň atlaryndan gelip çykýar. Bu ýerli taýpalara sebite göçüp baran iňlisler “Canberry”, “Kanberri” ýa-da “Nganbra” diýip atlandyrypdyrlar.
Ilkibaşda ýurduň paýtagtynyň ýerleşýän ýerini saýlamak üçin köp jedel ýüze çykypdyr. XIX asyryň ahyrynda ýurduň paýtagtynyň Sidneými ýa-da Meburn bolmalydygy barada maslahat edilýär. Netijede, täze paýtagtyň Sidneýden azyndan 100 mil uzaklykda, Täze Günorta Uells ştatynda gurulmaly diýlen karara gelinýär. Sidneý şäheri hem şol ştatda ýerleşýär. Şäheriň meýilnamasyny taýýarlamak üçin yglan edilen halkara bäsleşikde amerikaly binagärler Wolter Barli hem-de Marion Mahoni Griffinleriň taslamasy saýlanýar.
Häzirki wagtda Kanberra Awstraliýanyň iň uly sekizinji, deňze kenary bolmadyk iň uly şäheri hasaplanýar. Şäheriň 456 müňden gowrak ilaty bar.