Şu ýylyň 25-nji ýanwarynda Indoneziýada bir ýolagçy uçarynyň iki uçarmanynyň hem uçuş wagtynda uklap galandygy ýüze çykdy. Ýurduň paýtagty Jakartadan Kenderi şäherine barýan “Batık Air” awiakompaniýasyna degişli uçarda 153 ýolagçy bar eken. Ýurduň “Antara” döwlet habarlar agentliginiň habaryna görä, uçarman hem-de kömekçi uçarmanyň 28 minutlap uklapdyr. “BTK6723” belgili uçar gatnawynyň jemi 2 sagat 35 minut dowam edendigi we ekipaža, ýolagçylara we uçara hiç hili zeper ýetmezden howa menziline gonandygy mälim edildi. Ikinji uçarman uçuş güni irden esasy uçarmana ýeterlik derejede dynç almandygyny aýdan eken. Uçar Kendariden howa göterilip, degişli belentlige çykandan soňra esasy uçarman biraz dynç almak üçin uçaryň dolandyrylyşyny kömekçisine beripdir. Uçaryň gonmagyna 90 minut galanda ikinji uçarman hem uklapdyr. Ikinji uçarman soňky gezek Ýerdäki dolandyryş merkezi bilen gepleşenden 12 minutdan soňra sebit gözegçilik merkezi uçar bilen gatnaşygy ýola goýmaga synanyşypdyr. Emma uçarmanlardan jogap bolmandyr. 28 minutdan soňra bolsa, esasy uçarman oýanyp, uçaryň gitmeli ýolundan çykandygyny aňýar. Soňra bolsa, kömekçisini oýaryp, dolandyryş merkezine habar berýär. Emma uklandyklaryny aýtman, radioaragatnaşygynda näsazlyk ýüze çykandygyny aýdýar. Ikinji uçarmanyň bir aý ozal ekiz çagasynyň bolandygy, aýalyna kömek etmek üçin gije rahat dynç alyp bilmändigi aýdyldy.
“Batık Air” awiakompaniýasy iki uçarmanyň hem işinden wagtlaýynça çykarylandygyny mälim etdi. Şeýle hem awiakompaniýa ähli uçuşlarda howpsuzlyga uly üns berýändiklerini we bolup geçen wakanyň giňişleýin derňeljekdigini mälim etdi.