Ýaz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len türk­men top­ra­gy gü­neş­li gün­le­re, al-el­wan gül­le­re bes­le­nip, te­bi­gat ýa­şyl beg­re­si­ni geý­di. Ba­har pas­ly hy­juw­ly­ly­gyň, joş­gun­ly­ly­gyň pas­ly bo­lup, adam­la­ryň göw­nü­ni gö­ter­ýär, tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Köp­le­riň, esa­san hem, ça­ga­la­ryň iň go­wy gör­ýän möw­sü­mi bo­lan ba­har pas­lyn­da agaç­lar pyn­tyk­la­ýar, ot­lar gö­ge­rip, gül­ler açyl­ýar, mör-mö­jek­ler oýa­nyp, daş-tö­we­rek ala­ýa­za öw­rül­ýär. Şa­dy­ýan ça­ga­lar to­par­la­ny­şyp, owa­dan meý­dan­lar­da dür­li oýun­la­ry oý­na­­ýar­lar, kö­me­lek çöp­le­ýär­ler, ow­lak-gu­zu­la­ra ot ýyg­ýar­lar. Bu pa­syl­da mek­dep okuw­çy­la­ry ýaz­ky dynç al­şa hem çyk­ýar­lar. Eýsem, siz ýaz­ky dynç al­şy ta­la­ba­la­ýyk we peý­da­ly ge­çir­mek üçin bir­nä­çe düz­gün­le­ri ber­jaý et­me­li­di­gi­ni bil­ýä­ňiz­mi?!
Il­ki bi­len möw­sü­me gö­rä ge­ýin­me­li. Bu pa­syl­da çyg­ly­ly­gyň güýç­len­ýän­di­gi se­bäp­li, suw ge­çir­me­ýän aýak­gap­la­ry we egin-eşik­le­ri geý­me­li. Ýag­şyň aşa­gyn­da köp gez­mek­den sak­lan­ma­ly. Ýaz pas­lyn­da mör-mö­jek­le­riň oýa­nyp, iş­jeň­li­gi­niň art­ýan­dy­gy üçin ýa­pyk egin-eşik­le­ri geý­mä­ge üns ber­me­li. Ulu­la­ryň gö­zeg­çi­li­gi we rug­sa­dy bol­maz­dan, meý­da­na çyk­mak­dan, esa­san hem, te­bi­ga­tyň gö­zel kün­jek­le­rin­de dynç al­ma­ga git­mek­den sak­lan­ma­ly. Maş­ga­la ag­za­la­ry bo­lup, meý­da­na ge­ze­len­je gi­di­len­de, ta­na­ma­ýan mör-mö­je­giňi we ot-çöp­le­ri el­le­mek­den ga­ça dur­ma­ly.
Ýaz pas­ly­nyň iň go­wy güý­men­je­le­ri­niň bi­ri hem kö­me­lek çöp­le­mek­dir. Me­ge­rem, kö­me­lek çöp­le­me­gi hem­mä­ňiz go­wy gör­ýän bol­sa­ňyz ge­rek. Em­ma te­bi­gat­da zä­her­li we ýa­ram­syz kö­me­lek­le­riň bar­dy­gy se­bäp­li, öňüň­den çy­ka­ny­ny al­mak­dan sak­lan­ma­ly. Şeý­le hem kö­me­lek çöp­len­ýän wag­ty onuň düý­bün­de mör-mö­jek­le­riň bu­kul­ýan­dy­gy­ny hem üns­den dü­şür­me­li däl. Şol se­bäp­li il­ki ta­ýa­jyk bi­len kö­me­le­gi eý­läk-beý­läk yr­gyl­dat­ma­ly, soň­ra se­be­de sal­ma­ly.
Meý­da­na çy­ky­lan­da gül­ler­den çe­men bog­ma­gy hem kö­pi­ňiz ha­la­ýan­sy­ňyz. Em­ma kä­bir gül­ler­dir ösüm­lik­ler zä­her­len­mä ýa-da al­ler­gi­ýa se­bäp bo­lup bi­ler. Şo­nuň üçin gül ýyg­na­ny­ňyz­da ulu­lar­dan kö­mek so­ra­ma­gy we ösüm­lik­le­riň at­la­ry­ny öw­ren­me­gi ýat­dan çy­kar­maň!
Ýaz pas­lyn­da ýyl­dy­ry­myň köp çak­ýan­dy­gy se­bäp­li, bat­bö­rek uçur­ma­gy wagt­la­ýyn­ça çäk­len­dir­me­li. Mu­ňa de­rek ulag se­riş­de­le­ri­niň he­re­ke­ti bol­ma­dyk ýer­ler­de dost­la­ry­ňyz bi­len we­lo­si­ped­li, sa­mo­kat­ly ge­ze­lenç­le­ri gu­rap bi­ler­si­ňiz. Şeý­le hem köp­çü­lik­le­ýin oýun­la­ry oý­nap bi­ler­si­ňiz.
Ýaz pas­lyn­da ka­nal­dyr ýap­la­ra su­wuň gel­me­gi bi­len eke­ran­çy­lyk iş­le­ri­ne gyz­ga­laň­ly gi­ri­şil­ýär. Oba ýer­le­rin­de ýa­şa­ýan ça­ga­lar su­wuň ýa­ka­syn­da oý­na­ma­gy, ba­lyk tut­ma­gy go­wy gör­ýär­ler. Şeý­le-de bol­sa, howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni ýat­dan çy­kar­ma­ly däl. Ba­har pas­lyn­da ho­wa­nyň sal­kyn­dy­gy se­bäp­li, akar suw­la­ra düş­mek­den we pal­çyk oý­na­mak­dan sak­lan­ma­ly.
Ýaz­ky dynç alyş möwsüminde öý iş­le­ri­ne kö­mek­leş­me­li, mek­dep­den ber­len ýu­muş­la­ra taý­ýar­lan­ma­ly hem-de çe­per eser­le­ri oka­ma­ly. Su­rat çek­mek, goş­gy düz­mek ýa­ly dö­re­di­ji­lik iş­le­ri bi­len hem meş­gul­la­nyp bi­ler­si­ňiz.