13-nji martda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda BMG-niň Halkara söwda merkeziniň (ITC) wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete ITC-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bölüminiň başlygy Ýelena Butrimowa ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşykda taraplar ITC-iň çäginde Merkezi Aziýa sebitinde amala aşyrylýan taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Birnäçe ugurlary öz içine alýan bu taslama Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär we ol Türkmenistanda işewürligi ösdürmek hem-de kiçi we orta telekeçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak arkaly ýurdumyzda we sebitde söwdany ösdürmek meselesine gönükdirilen. Taslamanyň Maýa goýuma ýardam bermek we söwda amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça komponenti şu ýylyň iýun aýynda başlaýar.
Şunuň bilen baglylykda wekiliýetiň ýurdumyzda gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada gyzyklanmasyna jogap edip, gümrük edaralarynda ornaşdyrylan we bu ugurda häzirki wagtda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Bellenilişi ýaly, gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň esasy ugry gümrük işini sanlylaşdyrmak bolup durýar. Bu Maksatnamanyň çäginde ýurdumyzda doly sanlylaşdyrylan gümrük ulgamyny döretmek meýilleşdirildi. Eksport-import amallary üçin Bir penjire taslamasy synag düzgüninde işe ornaşdyryldy we bu taslamany şu ýylyň dekabr aýynda doly tamamlamak meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ýükler babatda maglumatlary deslapdan almaga mümkinçilik berýän TIR-EPD ulgamy işe girizildi.
Çeşme: customs.gov.tm