Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň orunbasary bilen «Airbus» kompaniýasynyň wekiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Agentligiň saýtynda «Airbus» tarapyndan hödürlenen esasy teklibiň Türkmenistana uzakdan monitoring hem-de kosmosdan surata düşürmek boýunça hyzmatlary bermekden ybarat bolandygy habar berilýär.
Duşuşykda ispan tarapy täze awionika we kosmos hyzmaty boýunça mümkinçiliklerini hödürledi. Mundan başga-da, telekommunikasiýa hyzmatlarynyň we tor howpsuzlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy aerokosmiki senagat boýunça Ýewropanyň iň uly korporasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň öňünde kosmos işini, sebitde we dünýäde bolsa kosmos gözleglerini ösdürmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitdirmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy.
Ýeri gelende bellesek, «Airbus» Ýewropanyň iň uly aeronawtika we kosmos kompaniýasydyr.
Çeşme: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi