Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2024-nji ýylyň 17-19-njy martynda birleşmäniň 16 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň hem-de telekeçileriniň sergisini geçirýär
Sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlarda iş alyp barýan 230-dan gowrak agzasy öz önümlerini hödürlärler we şu döwürde gazanan üstünliklerini görkezerler.
Serginiň iş wagty:
17-nji martda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
18-nji martda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
19-njy martda sagat 10:00-dan 17:30-a çenli.
Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993(12) 21-23-64, 21-23-75.