Italiýa Günbatar Genuýany Gündogar Genuýa bilen birleşdirjek Ýewropanyň iň uly suwasty ötügini gurmakçy. Ötügiň işe girizilmegi, Genuýany ekologiýa taýdan has durnukly eder, sebäbi şäher 10 gektara çenli gök meýdana eýe bolar.
Şeýle geçelgäniň gurluşygy port şäheriň, şeýle hem ulag ulgamynyň doly durkunyň täzelenmeginiň başlangyjydyr. Italiýanyň hökümetiniň maglumatlaryna görä, uzynlygy 3,4 kilometre barabar bolan ötük 45 metr çuňlukda gurlar. Onuň diametri, takmynan, 16 metr bolup, dünýäde ululygy boýunça dördünji uly geçelge bolar. Ötügiň gurluşygy üçin bir milliard ýewro bölünip berler we taslamanyň jogapkärleriniň pikiriçe, gurluşyk işleri 2029-njy ýylda tamamlanar.
Ötügiň gurluşygy 5 müňden gowrak täze iş ýerini döreder we onuň işe girizilmegi raýatlara wagtyny tygşytlamaga we daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga mümkinçilik berer. Bu ýol ulaglaryndan kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak arkaly mümkin bolar. Häzirki wagtda dünýäniň iň uzyn ýerasty ötügi, Norwegiýanyň suwasty ýol geçelgesi – uzynlygy 14,4 kilometre barabar bolan Ryfylketunnelen ötügidir.