Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň döwlet gerbini üýtgetmek baradaky meseläni öwrenmek üçin ýörite komissiýa döretmegi zerur hasaplaýar. Ol bu barada ýurduň Atyrau şäherinde guralan Milli gurultaýyň maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.
-Döwlet gerbi barada aýdylanda, men bilermenleriň we gyzyklanýan raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň Gazagystanyň gerbiniň çylşyrymlydygy baradaky garaýyşlaryny göz öňünde tutmagy maksadalaýyk hasaplaýaryn – diýip, Tokaýew belledi.
– Umumy ylalaşyk gazanylan halatynda, ähli ugurlary jikme-jik gözden geçirjek we köpçüligiň pikirini ara alyp maslahatlaşjak ýörite komissiýa döretmegi makul bilýärin. Şondan soňra Gazagystanyň täze döwlet gerbiniň iň oňat bezegi üçin açyk bäsleşigi guramak gerek – diýip, Tokaýew sözüni jemledi.
Gazagystanyň Döwlet gerbi 1992-nji ýylda ýurt Garaşsyzlygyny alandan soň resmi taýdan kabul edildi. Onuň awtorlary arhitektorlar Žandarbek Malibekow we Şot-Aman Ualihanowdyr.