Şu gün Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini şöhlelendirýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy. Gözden geçirilişiň çäklerinde maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Forumyň açylyş dabarasyna Hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döwrümiziň belent maksatlaryna ýetmekde, döwletiň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýandygy nygtalýar. Geçen 16 ýylyň dowamynda birleşmäniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagy, telekeçileriň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňemegi bu ugurdaky syýasatymyzyň ajaýyp miweleridir.
Birleşmaniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan bu çäre türkmen işewürleriniň tejribesini, üstünliklerini we mümkinçiliklerini, onuň milli maksatnamalary, şeýle hem ýurdumyzyň innowasion ösüşlere, bäsdeşlige ukyply hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirmäge goşýan saldamly goşandyny görkezýär.
Serginiň diwarlyklarynda ýeňil senagat önümlerini, gurluşyk, azyk, dokma, oba hojalyk we beýleki pudaklara degişli önümleri görmek bolýar. Şeýle hem ussat senetçileriň el işlerini, deriden, aýnadan, matadan taýýarlanan sowgatlyk harytlary, torbalary, bukjalary we beýlekileri görmek bolýar. Mundan başga-da ussat senetçiler ýerli çig maldan taýýarlanan ýüpek kagyzyny, bu kagyzyň ýüzüne çekilen suratlary we külalçylyk önümlerini hem görkezýärler.
Serginiň dowamynda türkmen dizaýnerleri tarapyndan taýýarlanan türkmen milli egin-eşikleriniň moda görkezilişi hem boldy.
Sergiden pursatlar: