17-nji martda paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurlan işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi açyldy. Täze toplum işewürlik durmuşynyň ýene bir işjeň merkezine, guramaçylykly lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrüler. Bina edilen birnäçe desganyň birmeňzeş nusgadaky taslamalary bitewi binagärlik keşbinde ýerine ýetirilipdir. Munuň özi şäheriň bu künjegi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär.
Täze açylýan bina we onuň ýanaşyk ýerleri baýramçylyk öwüşgininde bezelipdir. Şanly waka mynasybetli guralýan dabara gatnaşmak üçin bu ýere köp sanly myhmanlar gelipdir.
Umumy meýdany 4,7 gektara deň bolan çäkde ýerleşýän işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi birnäçe köpugurly desgasy, merkezde ýerleşýän üç gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny özünde jemleýär. Bu desgalar «Ussat» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan häzirki zaman inženerçilik-tehniki çözgütlere laýyklykda, ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly guruldy. Toplumyň çäginde ýerleşýän 55 müň 377 inedördül metr meýdany bolan söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, şol sanda harytlaryň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän supermarket girýär. Bu ýerde köp sanly dükanlardan başga-da, oýun meýdançalary, kinozallar, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherjigi, restoran, kafe, toý mekany we beýlekiler bar.
Merkezi binanyň gapdalynda umumy binagärlik çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşýan işewürlik merkezi bar. Umumy meýdany 25 müň inedördül metrden gowrak bolan 12 gatly täze işewürlik toplumynda binagärligiň häzirki zaman gazananlary we däp bolan milli usullar sazlaşykly utgaşýar. Binanyň agşamky görnüşi dürli yşyklandyryjylar bilen aýratyn gözel görnüşe eýe bolýar. Onuň ýanaşyk çäginde ýaşyl zolaklar hem döredilipdir. Merkeziň ikinji gatyndan onunjy gatyna çenli aralykda ýerleşdirilen iş otaglarynda häzirki zaman tehnologiýa enjamlary ornaşdyrylypdyr. Işewürlik duşuşyklaryny we dürli çäreleri geçirmek üçin hem ähli şertler döredilipdir. Iň aşaky we birinji gatda dükanlar, on birinji we on ikinji gatlarda, degişlilikde, tehniki hyzmat ediş bölümi we restoran ýerleşýär.
330 we 146 orunlyk açyk asmanyň astyndaky we ýerasty awtoduralgalar, 400 orunlyk köp gatly duralga hem TSTB-niň işgärleriniň, telekeçileriň ygtyýaryna berilýär. Döwrebap duralga ilata gije-gündiziň dowamynda hyzmatlary hödürlär. Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň ýol-ulag düzümi güýçli depginde döwrebaplaşdyrylýar, täze ýollar çekilip, bar bolanlarynyň durky täzelenilýär, estakada köprüleri, ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgeleri gurulýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda awtoulaglaryň hereketiniň artmagy bilen baglylykda, awtoduralgalaryň sanyny artdyrmak, olary, aýratyn-da, ýaşaýyş jaý toplumlarynda, iri söwda merkezleriniň golaýynda oýlanyşykly ýerleşdirmek boýunça işler dowam etdiriler.
«Arkaç» söwda-dynç alyş merkezini ulanmaga bermek dabarasy tamamlanandan soňra, agzaçar sadakasy berildi we onda türkmen topragynda hemişe abadançylygyň höküm sürmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikler dileg edildi.