Halkara Nowruz güni mynasybetli ýörite awtobus gatnawy hereket eder

115

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli, medeniýetli bolmagyny gazanmakda uly işleri durmuşa geçirýär. Şol maksat bilen 2024-nji ýylyň 21-22-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda geçiriljek «Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni» mynasybetli baýramçylyk günlerinde 72 belgili «Awtokombinat — Türkmeniň Ak öýi» ugry ýola goýulýandygyny habar berýär.