Gözegçilikleriň taryhynda 2023-nji ýyl iň yssy ýyl boldy. Bu barada Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň ýyllyk hasabatynda mälim edilýär. Ýeriň üstüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki derejeden Selsiý boýunça 1,45 gradus ýokary geçdi.
2023-nji ýylyň iýun aýyndan dekabr aýy aralygyndaky aýlaryň ählisi rekord derejede maýyl boldy, iýul, awgust we sentýabr aýlary bolsa, aýratyn uly tapawut bilen rekord goýdy. Gurama global temperaturanyň uzak möhletleýin ýokarlanmagyny howada ýyladyşhana gazlarynyň toplanmagynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýar. 2023-nji ýylda Antarktikada deňiz buzlarynyň giňişligi gözegçilikleriň taryhynda iň pesi bolup, gyşyň ahyrynda onuň iň uly meýdany öňki rekorda garanyňda, 1 million inedördül kilometr az boldy.
Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň Baş sekretary Andreýa Seleste Saulo adamzadyň Pariž şertnamasy tarapyndan kesgitlenen Selsiý boýunça 1,5 gradus ýylylyk derejesine hiç haçan şeýle ýakyn barmandygyny tassyklap, – Bütindünýä meteorologiýa jemgyýeti adamzada howpuň gyrmyzy signalyny iberýär – diýip, belledi.
-Howanyň üýtgemegi diňe temperaturanyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly däl. 2023-nji ýylda görlüp-eşidilmedik derejede ummanlaryň gyzmagy, buzlaryň eremegi we Antarktida deňiz buzlarynyň ýitmegi aýgytly hereketlere çagyrýar – diýip, ol ýatlatdy.