Russiýa Federasiýasynyň häzirki Prezidenti Wladimir Putin 87,28 göterim ses alyp, täze möhlete saýlandy. Bu netije Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw toparynyň 21-nji martda komissiýanyň mejlisinde kabul eden kararynyň taslamasynda tassyklandy. Ses berişligiň resmi netijeleri Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa tarapyndan mälim edildi.
-Indi umumy ses berişligiň netijesi barada: 76277708 saýlawçy Wladimir Wladimirowiç Putine ses berdi – diýip, Pamfilowa belledi.
Russiýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň resmi netijelerine görä, Russiýa Federasiýasynyň Kommunistik partiýasyndan dalaşgär Nikolaý Haritonow 4,31 göterim, Wladislaw Dawankow (“Täze adamlar” partiýasy) – 3,85 göterim, Leonid Sluskiý (LDPR) – 3,20 göterim ses aldy.
Ella Pamfilowanyň belleýşi ýaly, distansion elektron ses berişligi hem göz öňünde tutanymyzda, syýasy çärä gatnaşyk saýlawçylaryň umumy mukdarynyň 77,49 göterimini düzüp, Russiýanyň häzirki taryhynda rekord derejede boldy. – Russiýanyň häzirki taryhynda beýle görkezijiler bolmandy – diýip, ses berenleriň sanynyň Prezident saýlawlarynyň demokratik häsiýetiniň görkezijisidigini sözüniň üstüne goşdy.
2024-nji ýylda Russiýada Prezident saýlawlarynda ses berişlik 15-17-nji mart aralygynda geçirildi.