Türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylady. Milli bahar baýramy mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.

Bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.
Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolan Nowruz halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýetli bolupdyr. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde bu baýram bilen bagly däp-dessurlar giňden berjaý edilipdir. Gündogaryň meşhur akyldarlary Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Abu Reýhan Birunynyň, Omar Haýýamyň, Alyşir Nowaýynyň, Abdyrahman Jamynyň, Firdöwsiniň, Mahmyt Kaşgarlynyň we beýleki nusgawy şahyrlaryň eserlerinde Nowruz baýramynyň taryhy ähmiýeti çuňňur pähim-paýhas bilen beýan edilýär. Nowruz baýramy ynsan kalbynda ýagşy häsiýetleri we hoşniýetli duýgulary terbiýeleýär, tebigata, durmuşa, parahatçylyga söýgi döredýär.
Baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýeri bolan “Nowruz ýaýlasynda” bezelen ak öýler dikilip, türkmen obasy ýaýbaňlandyryldy. Onda amaly-haşam sungatynyň we dürli senetleriň ussatlary bilen meşhur bolan halkymyzyň milli däp-dessurlary, ýaşaýyş-durmuşy köpöwüşginli aýratynlyklary bilen şöhlelendirildi.
Ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabarasynda ýaňlanýan aýdym-sazlar, joşgunly tanslar ruhuňy göterýär, şatlyk paýlaýar we ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Ýaşajyk artistler hem döredijilik ussatlyklaryny görkezýärler. Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň möhüm bölegi bolan milli tagamlaryň dürli görnüşleri görkezildi. Bugdaýdan taýýarlanylýan semeni Nowruz baýramynyň däp bolan tagamydyr. Milli oýunlar baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Türkmenistanda geçirilýän milli baýramçylyklary ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan ökde çapyksuwarlarsyz göz öňüne getirmek kyndyr. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary hemmeler üçin hakyky sowgat boldy. Şeýle-de Baýramçylyga bagyşlanyp, Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onuň dowamynda aýdym-sazlar, tans we halk döredijiligi eserleri, mähriban Watanymyzy, täze taryhy döwrümizi, gazanýan uly üstünliklerimizi wasp edýän çykyşlar ýerine ýetirildi. Halk sazlary, aýdymdyr tanslar döwrebap äheňler bilen sazlaşykly utgaşdy.
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda, Arkadag şäherinde hem geçirildi. Olarda türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasynyň köpöwüşginliligi, ýokary döredijilik ruhy öz beýanyny tapdy.