20-nji martda türkmen wekiliýeti Rim şäher meriýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda dürli ulgamlarda, ilkinjileriň hatarynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigini bellediler. Şol bir wagtyň özünde, arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak babatynda ýurtlaryň arasynda uzak möhletli özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylda Rimiň Kapitoliý muzeýinde Türkmenistanyň arheologik sergisini geçirmek barada resminama gol çekildi.