Global tebigy gaz pudagyna 2050-nji ýyla çenli jemi 9 trillion dollar maýa goýum gönükdiriler. Onuň 740 milliard dollary geçirijiler üçin goýberiler. Gaz eksport edýän ýurtlar forumynyň (GECF) täze taýýarlan maglumatyna görä, dünýäde tebigy gaz önümçiliginiň 2050-nji ýyla çenli 5,3 trillion kub metre ýetmegine garaşylýar. Bu görkeziji häzirki wagtda 4 trillion kub metre barabar. Bu maýa goýumyň 8,2 trillion dollarlyk bölegi gözleg, buraw we önümçilik ýaly maksatlara goýberiler.
Aziýa-Ýuwaş ummany we Demirgazyk Amerika ýurtlarynda has köp maýa goýum özleşdiriler. Soňra bolsa degişlilikde, Ýewraziýa, Afrika, Ýakyn Gündogar, Latyn Amerikasy we Ýewropa sebitleri geler.
Tebigy gazyň gözleginde we önümçiliginde Aziýa-Ýuwaş ummany ýurtlarynda 2,1 trillion dollarlyk maýa goýum özleşdiriler. Bu sebitdäki maýa goýumyň 80 göterimi Hytaý, Awstraliýa we Indoneziýa ýurtlaryna degişli bolar.
Ylýas Babaýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.