Ger­ma­ni­ýa­nyň BMW to­pa­ry ge­çen ýyl re­kord de­re­je­de peý­da ga­za­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si­niň peý­da­sy 2022-nji ýyl­da­ka ga­raň­da 32 gö­te­rim ar­typ, 18,4 mil­liard ýew­ro ýet­di. Şeý­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa­nyň ta­ry­hyn­da­ky iň ýo­ka­ry peý­da ha­sa­ba alyn­dy. Bu gör­ke­zi­ji 2022-nji ýyl­da 2022-nji ýyl­da 13,99 mil­liard ýew­ro bo­lup­dyr. De­giş­li dö­wür­de to­pa­ryň gir­de­ji­si 9 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp, 155 mil­liard 498 mil­li­on ýew­ro bo­lup­dyr. Şeý­le­lik­de, BMW to­pa­ry il­kin­ji ge­zek “Mercedes” aw­tou­lag to­pa­ryn­dan has köp gir­de­ji ga­za­nyp­dyr. Beý­le­ki ne­mes aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si bo­lan “Mercedes” 153,2 mil­liard ýew­ro gir­de­ji ga­za­nyp­dyr. BMW ge­çen ýyl 7,53 mil­liard ýew­ro­ny nou-hou üçin sarp edip­dir.
BMW to­pa­ry­na ady­bir brend bi­len bir ha­tar­da MI­NI we “Rolls-Royce” brend­le­ri hem gir­ýär. Ge­çen ýyl to­pa­ryň aw­tou­lag sa­tu­wy 11,7 gö­te­rim kö­pe­lip, 2 mil­li­on 661 müň 922 bo­lup­dyr. Ola­ryň 14,7 gö­te­ri­mi­ni (375 müň 716) elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­lar eme­le ge­ti­rip­dir.

Be­genç Şy­hy­ýew, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.