1655-nji ýylyň 25-nji martynda niderland astronomy Hristian Gýuýgens Saturnyň iň uly hemrasy Titany açýar. Kosmos barada birnäçe ylmy işiň awtory bolan Gýuýgens Londonyň patyşalyk jemgyýetiniň ilkinji daşary ýurtly agzasy, Fransuz ylymlar akademiýasynyň agzasy we ilkinji prezidenti bolýar. Mehanik, fizik hem-de matematik bolan alym Saturn planetasynyň halkasyny açýar. Ol 1657-nji ýylda maýatnikli sagadyň konstruksiýasyna patent alýar.