23-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek boýunça dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Dabarany Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirmek meýilleşdirilýär. 26-njy martda geçiriljek dabaranyň çäklerinde türki halklaryň aýdymçylarynyň konsertini, suratkeşleriň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylaryň eserleriniň sergisini guramak göz öňünde tutulýar. Bu çärelere gatnaşmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň, TDG-ä agza we synçy ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň, döredijilik we ylmy wekiliýetleriniň ýurdumyza gelmegine garaşylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň dowamynda dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, “Gorkut ata” halkara kinofestiwaly geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara çäreleriň giň gerimde geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini hem-de çärelere gatnaşmaga gelýän myhmanlar üçin ähli zerur şertleriň döredilmegini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.