Emeli aň arkaly döredilen gyz Koreýanyň Çedžu şäherindäki ýerli habarlar gepleşiginiň alypbaryjy boldy. Bu barada Günorta Koreýanyň “The Korea Herald” neşiri habar berdi. Synag üstünlikli geçen halatynda, beýleki teleýaýlymlar hem bu tejribäni ulanmakçy. Emeli aň tarapyndan döredilen gyzyň diňleýjilere okaýan teksti hem çat-bot tarapyndan ýazylýar. Taslamanyň awtorlary bu ugruň az çykdajy bilen maksada ýetmekde diýseň peýdaly bolandygyny bellediler.