26-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada badalga aldy.
Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Azerbaýjan, Belarus, Bolgariýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe Respublikalaryndan hem-de ýurdumyzdan okuwçylar bu halkara olimpiada gatnaşýarlar.
Halkara ders olimpiadasynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi gaznanyň işiniň ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, hemmetaraplaýyn bilimli bolmaklaryny, sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegini nazarlaýan ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan täze şäherde halkara çäreleri, şol sanda mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara ders olimpiadalaryny ýokary derejede guramak üçin ähli zerur şertleriň bardygyny bellemek gerek.
Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirilen dabara ýokary ruhubelentlige beslendi.
Çäräniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň dürli ýyllardaky halkara bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri we taslama-döredijilik işleri, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň çeken suratlary, kitap sergisi bilen tanyşdylar. Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik burçy ýaşajyk myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Dabara gatnaşyjylar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylym we bilim ulgamlarynyň ösüşlerine, halkara derejede ykrar edilen üstünliklerine bagyşlanan wideoşekillere tomaşa etdiler.